Wladimir Putin: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär

Wladimir Putin: Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan ykdysady gatnaşyjylar üçin amatly bolan Demirgazyk — Günorta ugruna gyzyklanma bildirýär diýip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 11-13-nji oktýabr aralygynda Moskwada geçirilýän Russiýanyň Energetika hepdeliginiň umumy mejlisinde aýtdy. Bu barada TASS agentligi çarşenbe güni habar berdi.

“Demirgazyk-Günorta ugry örän bähbitli bolup, hyzmatdaşlarymyzyň köpüsi muňa gyzyklanma bildirýärler. Bu ugruň bir bölegi Hazar deňzindäki çäginden geçýän Azerbaýjan, şeýle hem Hazar deňziniň beýleki tarapynda Eýran, soňra bolsa Pars aýlagyna çykalgasy bolan Gazagystan we Türkmenistan hem gyzyklanma bildirýärler” diýip, Wladimir Putin belledi.

Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk deňiz ýoluny ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini we bu ugurlaryň hemmeler üçin aýandygyny hem-de onuň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Russiýanyň Baştutany Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň taslamasy boýunça deslapky işleriň tamamlanjakdygyny we gurluşygyň ýakyn wagtda başlamagyna garaşylýandygyny belledi.

Umumy uzynlygy 7,2 müň kilometre barabar bolan Demirgazyk-Günorta taslamasy Sankt-Peterburgdan Hindistanyň Mumbaý portuna çenli multimodal ýoluň döredilmegini öz içine alýar.Bu ugruň üç görnüşi, ýagny, transhazar (demir ýollary we portlary ulanmak bilen), şeýle hem günbatar we gündogar (gury ýer arkaly) görnüşleri bardyr.

Russiýa we Eýran 2023-nji ýylyň maý aýynda Eýrandaky Reşt-Astara günbatar ugrundaky demirýoluň soňky zerur böleginiň gurluşygyny tamamlamak barada Ylalaşyga gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
AFK-nyň Çempionlar ligasy: Ahal bije çekişlige üçünji sebetden gatnaşar
Bolliwud täze filmlerini kinoteatrlara goýberýär
Meşhur hindi aktýory Taýger Şroff özüniň türkmen kökleri barada gürrüň berdi
Hindistanyň günbatarynda 140-a golaý adam güýçli ýagynyň pidasy boldy