Wladimir Putin ýurduň Federal ýygnagyna ýüzlendi

Wladimir Putin ýurduň Federal ýygnagyna ýüzlendi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Federal ýygnagyna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onuň çykyşy iň uzak dowam edeni ýüzlenme boldy, ýagny iki sagatdan gowrak wagt dowam etdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Putin çykyşynyň dowamynda ýurtda aýlyk haklarynyň görnetin artandygyny habar berdi. Ol şeýle-de Russiýada iň ýiti meseleleriň biriniň ilatyň, şol sanda köp çagaly maşgalalaryň girdejileriniň pes bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Russiýanyň döwlet Baştutanynyň sözlerine görä, häzir garyplyk meselesi ilatyň 9 göterimden gowragyna degişlidir, ol 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 7 göterimden pes derejä çenli azaltmaga çagyrdy.

Putin Maşgala ady bilen täze milli taslamanyň işe goýberilýändigini, onuň köp çagaly maşgalalary goldamaga gönükdiriljekdigini habar berdi hem-de ýüzlenmesinde bu ugurda kabul edilýän maksatnamalaryň geljek nesilleri hem öz içine alýandygyny nygtady.

Ýüzlenme dolulygyna diýen ýaly ýurduň içerki meselelerine bagyşlandy.

RF-niň Prezidentiniň ýüzlenmesi Moskwanyň Myhman köşgünde geçdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Familiýasyny 20 gezek üýtgeden russiýaly aradan çykdy
Türkmenistanda RF-iň prezident saýlawlarynda ses bermek üçin 5 sany saýlaw uçastogy dörediler
Türkmenistanyň we BAE-niň mejlis agzalary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar