Wladimir Zelenskiý Donetskde harbylar bilen duşuşyk geçirdi

Wladimir Zelenskiý Donetskde harbylar bilen duşuşyk geçirdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Donetsk sebitindäki Çasow Ýar, Kramatorsk, Slawýansk, Družkowka, Konstantinowka we Bahmut ugurlarynda ukrainaly harbylar bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Ukrainanyň Ýöriteleşdirilen harby güýçleriň esaslandyrylan gününde harbylary gutlandygyny we olara sylaglar bilen sylaglandyrandygyny aýdan Zelenskiý: "Ukraina we Ukrainanyň halkyna garşy amala aşyrylan terror aksiýalarynyň jogapkärleri, diri bolan mahallary, adalatyň hemişe üstün çykýandygyny bilemelidirler. Ukraina ýeňiş gazanar. Şol ýeňişi ýakynlaşdyrýan ähli adamlara minnetdardyryn. Harbylarymyz ähli topraklarymyzyň we halkymyzyň basyp alyşlykdan azat ediljek günleri golaýlaşdyrýar" diýip belledi.

Ukrainanyň lideri Donetsk sebitinde benzin doldurylýan desga baryp, kofe içendigini we harbylar bilen gürrüňdeş bolandygyny mälim etdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Putin Kiýewiň NATO agza bolmagynyň öňüni almak we ony Russiýanyň täsiri astynda saklamak üçin ýurduň ýaragsyzlandyrylmagyny we nasistlerden arassalanmagyny maksat edinendigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
“Demirgazyk Koreýaly Esgerler Kursk Sebitine Ornaşdyryldy”
Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“ABŞ bilen Russiýanyň arasynda gazanyljak emma Ukrainany öz içine almaýan ylalaşygy kabul etmeris”