Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy

Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy

Smartfon öndürmek boýunça dünýä liderleriniň biri bolan Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy elektromobil öndürmek bilen meşgullanjak hususy golçur kärhanasyny bellige almagyny tamamlady. Bu barada kompaniýanyň Weibo sosial ulgamdaky resmi akkauntynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Täze “Sýaomi siçe” kompaniýasynyň düzgünnama maýasy 10 mlrd ýuan (1,5 mlrd dollar töweregi) boldy. Onuň kanuny wekili hökmünde Xiaomi-niň müdirler geňeşiniň başlygy Leý Szýun tassyklandy. Öňümizdäki on ýylda Xiaomi elektromobilleriniň önümçiligine umumy maýa goýum 10 mlrd dollara ýeter.

Kompaniýanyň hususy elektromobillerini işläp taýýarlamagy we öndürmegi meýilleşdirýändigi baradaky bildirişi bilen degişli golçur kärhanasynyň bellige alnyşynyň aralygynda bäş aý geçdi.Habarda Xiaomi-niň täze kompaniýa üçin eýýäm 300 hünärmenden ybarat bolan topary ýygnandygy, ýöne ýokary hünärli işgärleri gözlemegi dowam etdirýändigi aýdylýar. Şeýle-de, şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Xiaomi awtomobiller üçin sürüjisiz dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullanjak ýörite gurluşyň döredilýändigi barada habar berdi.

Xiaomi 2010-njy ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäniň iň uly smartfon öndürijileriniň hataryna girýär. 2018-nji ýylda ol Gonkong biržasynda özüniň paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürledi. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Xiaomi-niň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 100 mlrd dollardan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Xiaomi özüniň ilkinji 200 megapiksellik smartfonyny bildiriş etdi
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Ýaponiýaly Mizutani bilen Ito garyşykda stolüsti tennis boýunça Olimpiýa çempionlary boldular
Hytaý Mýanma Üçin Çözgüt Teklip Etdi
Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady
Elektroulag önümçiligine girişýär