Tim Szýu 17-nji noýabrda Takesi Inoue bilen söweşer

Tim Szýu 17-nji noýabrda Takesi Inoue bilen söweşer

WBO we IBF boýunça ilkinji orta agram derejesinde sebitleýin titullaryň eýesi Tim Szýu 17-nji noýabrda ringde ýaponiýaly Takesi Inoue bilen söweşer. Tutluşygyň geçiriljek ýeri heniz kesgitlenmedi. Bu barada mma.metaratings.ru habar berdi.

Szýu soňky söweşini şu ýylyň iýul aýynda öz watandaşy Stiw Sparka garşy geçiripdi.Bu gapma-garşylykda Tim üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.Szýu professional ringe ilkinji gezek 2016-njy ýylyň dekabrynda Zofran Kassidi bilen söweşde çykypdy.

Bu söweş eminleriň biragyzdan karara gelmegi bilen Timiň peýdasyna tamamlandy. Ýeri gelende bellesek, Tim Szýu professional boksda 19 ýeňiş gazandy (15-dinde nokaut bilen) we ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

Ýene degişli makalalar

Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy
Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy
Ýaponiýaly Mizutani bilen Ito garyşykda stolüsti tennis boýunça Olimpiýa çempionlary boldular
Hytaý Mýanma Üçin Çözgüt Teklip Etdi