Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady

Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady

Awstraliýada geçirilen boks agşamynyň esasy söweşinde Tim Szýu we irlandiýaly Dennis Hogan WBO Global-yň birinji orta agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda göreşdiler.

Tutluşygyň bäşinji döwüniň ahyrynda duşuşygyň emini söweşi togtatdy we Szýunyň möhletinden öň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. 26 ýaşly Szýu üçin bu ýeňiş karýerasyndaky 18-nji ýeňşi boldy (14-si nokaut bilen). Öňki absolýut dünýä çempiony Konstantin Szýunyň ogly häzire çenli ýekeje gezek hem ýeňilmedi. 36 ýaşly Hogan 28 ýeňiş (7-si nokaut bilen) we 1 deňlik bilen karýerasyndaky 4-nji ýeňlişini başdan geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy
Tim Szýu 17-nji noýabrda Takesi Inoue bilen söweşer
1-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy
Ýaponiýaly Mizutani bilen Ito garyşykda stolüsti tennis boýunça Olimpiýa çempionlary boldular