Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy

Tim Szýu ýaponiýaly Inoueni ýeňip, WBO-nyň iki çempionlyk titulyna eýe boldy

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu ýaponiýaly Tekeşi Inoue bilen WBO Global we WBO Asia Pacific boýunça dünýä çempionlygy ugrunda birinji orta agramda geçirilen söweşde ýeňiş gazandy. Onuň ýeňşi eminleriň karary bilen kesgitlendi diýip, betassist.ru ýazýar.

Söweş Sidneýde (Awstraliýa) geçirildi.Onuň bütin dowamynda 27 ýaşly awstraliýaly boksçy garşydaşyndan rüstemdigini görkezdi.Hatda iň soňky raundda ýaponiýaly türgen ýykyldy.Netijede, doly 12 raund dowam eden tutluşyk eminleriň biragyzdan karary esasynda Szýunyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Tim Szýu professional ringde özüniň 20-nji ýeňşini baýram etdi (15-si - nokaut bilen).

Ol häzirki wagta çenli bir gezek hem ýeňlip görmedi.

Ýene degişli makalalar

Tim Szýu Dennis Hogany ýeňip, WBO Global-yň çempionlyk guşagyny gorady
Tim Szýu 17-nji noýabrda Takesi Inoue bilen söweşer
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Xiaomi elektromobilleri öndürmek boýunça golçur kärhanasyny bellige aldy
Ýaponiýaly Mizutani bilen Ito garyşykda stolüsti tennis boýunça Olimpiýa çempionlary boldular
Hytaý Mýanma Üçin Çözgüt Teklip Etdi