Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 arzan smartfonynyň täze görnüşini çykarmaga taýýarlanýar. Redmi 10 enjamy (2022) eýýäm TKDN, SDPPI, Ýewropanyň EEC-i, Singapuryň IMDA-sy we TUV ýaly dürli şahadatnamalary aldy. Bu barada superplanshet.ru habar berýär.

Ýakynda täze smartfon FCC-de (Federal aragatnaşyk komissiýasy) bellige alyndy. Edaranyň maglumatlar bazasynda smartfon 22011119UY tehniki belgi bilen geçýär. FCC-niň maglumatlary boýunça, enjam iki görnüşde çykarylar: 4/64 GB we 4/128 GB.

Şeýle-de, gurluşyň MIUI 12.5 interfeýsi bilen Android 11-iň dolandyrmagy esasynda işlejekdigi bellidir. Ol iki SIM-kartany göterer.

Deslapky maglumatlara görä, Redmi 10 (2022) Full HD+ durulykly we 90 Gs kadr ýygylykly 6,5 dýuýmlyk IPS displeýi bilen üpjün ediler. Enjam platformasy sekiz ýadroly MediaTek Helio G88 prosessoryna esaslanar.

Mundan başga-da, smartfon 50 MP Samsung S5KJN1 ýa-da OmniVision OV50C40 datçigi, 8 MP Sony IMX355 obýektiwi we 2 MP OmniVision OVO2B1B ýa-da GC02M1B moduly bilen yzky kamera eýe bolar. Ol kuwwaty 18 Wt bolan çalt zarýad göteriji 5000 mA/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar.

Ýene degişli makalalar

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Fýodor Ýemelýanenko Bellator ýaryşynda Timoti Jonsony nokauta gidirdi
Mozambik uglerody azaldandygy üçin 6,4 million dollar töleg aldy
TDHÇMB-de satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy
SpaceX täjirçilik awiakompaniýalarynyň ýolagçylaryna hemra internetini hödürlemegi meýilleşdirýär
Wodorod ýangyçly Hyundai Nexo geçen ýoly boýunça täze dünýä rekordyny goýdy