Ýewropada ýeňilmezek toparlar

Şotlandiýanyň çempionatynda “Seltik” topary myhmançylykda “Hartsdan” (“Hart of Midlotian”) 40 asgyn gelip, ligada 56 oýundan soň utuldy.Topar Şotlandiýanyň çempionatyny hem-de kubok ýaryşlaryny goşanyňda, 69 duşuşykdan soň, ilkinji gezek ýeňildi. “Seltik” Şotlandiýanyň bäsleşiklerinde iň soňky sapar 2016-njy ýylyň 11-nji maýynda “Sent Jonstondan” 21 utulypdy. Şeýle-de “Seltik” çempionatdaky öz rekordyna 3 duşuşyk galanda, utulyp, ony täzeläp bilmedi.

Olar mundan öň 19141917-nji ýyllarda çempionatda yzly-yzyna 62 duşuşykda ýeňilmän Şotlandiýanyň, hatda, B.Britaniýanyň rekordyny goýupdy.Eýsem, futbolyň iň ösen yklymy Ýewropada uzak wagtlap ýeňilmezlik rekordy haýsy kluba degişlikä?

“Stýaua” (Rumyniýa) 104 oýun (19861989)

Ýewropada bu rekord Rumyniýanyň iň meşhur, iň başarnykly topary “Stýaua” degişli bolup, buharestliler 19861989-njy ýyllar aralygynda 104 duşuşygy ýeňlişsiz tamamlady.Eýsem bu diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň-de rekordy hasaplanýar. 1980-nji ýyllaryň 2-nji ýarymy häzirki wagtda resmi ady “FCSB” diýlip üýtgedilen “Stýaua” toparynyň iň başarnykly ýyllary diýlip görkezilýär.

Bölöni, Belodediçi, Leketuş, Pisurke, Balint ýaly ýyldyzlar bilen 1986-njy ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan klub şol ýylyň iýunyndan 1989-njy ýylyň sentýabryna çenli çempionatda 104 duşuşykda ýeke saparam utulmady. Çempionlar ligasynda 1988-nji ýylda ýarym finala, 1989-njy ýylda-da finala çykan “Stýaua” degişli döwürde Rumyniýanyň Kubogy ýaryşyny-da hasaba alanyňda, 119 oýny ýeňlişsiz tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri
3-nji saýlama tapgyrynyň bijeleri