Ýadro Ylalaşygy Boýunça Gepleşiklere Arakesme Beriler

Ýadro Ylalaşygy Boýunça Gepleşiklere Arakesme Beriler

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Gepleşikleri alyp baryjy Ali Bakyri Twitter hasabyndan beren habarnamasynda taraplar bilen düýn geçirilen geňeşmelerden soň ýetilen sepgidi we geljekde ediljek başlangyçlary seljermek üçin ÝB-niň Daşary gatnaşyklar gullugynyň baş Sekretarynyň orunbasary we Syýasy direktory Enrihe Mora bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Bakyri; “Şu hepde möhüm sepgitlere ýetdik. Şu gün bilelikdäki toparyň maslahaty geçiriler we gepleşikleri birnaçe gün arakesmeden soň dowam etdireris” diýdi.

Eýranyň ýadro ylalaşygynyň gaýtadan sözüň doly manysynda iş ýüzüne geçirilmegini üpjün etmek we ABŞ-nyň ylalaşyga ýaňadandan goşulmagy boýunça geçirilýän gepleşikler 5 aý soň 29-njy noýabrda ÝB-niň resmisi Moranyň başlyklyk etmeginde Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britan iýanyň we Eýranyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda başlapdy.

Taraplaryň ylalaşmazlygy sebäpli bir hepde arakesme berilen gepleşikler 9-njy dekabrda gaýtadan başlapdy. Eýranly we ýewropaly diplomatlar geçen hepdä garalanda gepleşikleriň has netijelidigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Gaza ynsanperwer kömek we ýangyç ugradylmaga dowam edilýär
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda täze Prezidentiň wezipä girişmek dabarasyny ýokary derejede geçirmek üçin döwlet topary döredildi
Eýranyň Ýadro Ylalaşygy Boýunça Geçirilýän Gepleşiklere Arakesme Berilmegi Gün Tertibinde
Pekindäki Gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady