Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…

Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…

Şalfeý

Şalfeý, beýni üçin birnäçe peýdasy bolan, ýady güýçlendirýän ösümlikdir. Güýçli ysy bolan şalfeý oty, aň-bilim funksiýalaryny hem güýçlendirýär we alsgeýmer hassalygynyň bejergisi üçin peýdalydyr. 2017-nji ýylda çap edilen ylmy barlag, şalfeýiň aň-bilim we newrologik funksiýalar üçin peýdaly düzüminiň bardygyny öňe sürýär.

Zerdeçal

Zerdeçal, Aýurweda lukmançylygynda uzak ýyllardan bäri peýdalanylýan ösümliklerden biri. Beýniniň sagdynlygy we umumy sagdynlyk üçin peýdaly kurkumin atly mineraly özünde jemleýär.

2010-njy ýylda çap edilen ylmy barlaga görä, alynky barlaglar zerdeçalyň beýni sagdynlygy üçin peýdalydygy we beýnini saplap, alsgeýmer hassalygynyň öňüni alýandygyny öňe sürýär. Zerdeçal beýnidäki nerw öýjükleriniň bölünmeginiň öňüni alyp, beýnini goraýar.

Zerdeçal adaty ýagdaýda koriander we kimýon ýaly özünde jemleýän karri paraşogundaky esasy elementdir. Zerdeçal çorbalara we etsiz naharlara goşup, ony has köp sarp etmek mümkin. Zerdeçalyň siňdirlişini artdyrmak üçin oňa azajyk gara burç goşuň.

Ginkgo Biloba

Uzak ýyllardan bäri demans (huşsuzlyk) hassalygynyň bejergisinde peýdalanylýan ginkgy biloba, adaty Hytaý tebipçilik tejribesinde giňden peýdalanylýan dermanlardan biridir we peýdalydygy bilinýär. Ginkgo bilobanyň siňdiriş ulgamyny hereketlendirip, beýnä ganyň akymyny gönükdirýändigi we şeýlelikde aň-bilim funksiýasyny ösdürmäge goşant goşýandygy çaklanylýar.

Ženşen

Ženşen, huşsuzlygyň öňüni almak we ýaşa baglylykda ýatkeşligiň ejizlemeginiň öňüni alma potensialy sebäpli peýdaly ösümliklerden biridir. Ösümlik lukmançylygynda iň meşurlardan biridir.

Limon oty/Balzam çaýy

Umuman çaý görnüşinde içilýän, gaýgy-aladany we ukysyzlygy azaltmak üçin giňden peýdalanylýan ösümliklerden biri bolan balzam, aň-bilim funksiýasyny güýçlendirmek üçin peýdalydyr. Käbir ylmy barlaglar onuň ýat üçin ajaýyp ösümlikdigini görkezýär.

Gök çaý

Gök çaý, tas ähli keselleriň bejergisinde peýdalanylýar. Emçeme peýdasynyň bardygy bilinýän gök çaýyň ýatkeşlik üçin peýdalydygy bilinýär. Düzümindäki elementleriň saýasynda ýady güýçlendirýän gök çaý hökmany suratda sarp edilmeli. İňňän tagamly we ýatkeşlik bilen bagly näsazlyklary ortadan aýyrýan ösümlik çaýydyr.

Naryň suwy

Yzgiderli hasýetde huşsuzlykdan biynjalyk bolsaňz, naryň suwuny içmek maslahat berilýär. Naryň suwy, iňňän şypalydyr. Naryň suwy beýni öýjükleri goraýar we ony bejerýär. Şeýlelikde huşsuzlyga sebäp bolýan faktorlary ortadan aýyrýar. Huşsuzlygy bolan adamlar arkaýynlyk bilen naryň suwuny içip bilerler.

Pomidor

Pomidoryň düzüminde ýokary mukdar likopin elementi bardyr. Likopin hem ýady güýçlendirýär. Şol sebäpli huşsuzlygy bolan adamlara pomidor iýmeklik maslahat berilýär. Bedeni ähli erkin radikallardan gorap, beýniniň funksiýasyny hem gowulandyrýar. Ýadyňyzy güýçlendirýär.

Çernika

Çernika, şol bir wagtda hem ýady güýçlendirýar hem-de aňyň ösmegini ýola goýýar. Huşsuzlykdan ejir çekýänleriň sarp etmeli miwelerinden biri bolan çernika, adamy stressden goraýar.

Ysmanak

Düzüminde demir elementi iň ýokary bakja önümlerinden biri bolan ysmanakda, şol bir wagtda-da foliý aşgary bardyr. Aşa huşsuzlykdan ejir çekýän bolsaňyz, ysmanak iýiň. Aňdaky unudaganlyga sebäp bolýan faktorlaryýok edýär.

Hoz

Hoz, düzümindaki Omega 3 ýag aşgarlary arkaly unudaganlygyň öňüni alýar we ýady güýçlendirýär. Şol sebäpli günde 1 owuç hoz, funduk ýaly iýmişleri iýmegi ýatdan çykarmaň.

Dalçyn

Dalçyn, diňe bir ysy bilen ýady güýçlendirýän azyklardan biridir. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde dalçynyň ysynyň beýniniň işlemegine oňyn täsir ýetirýändigi, aňymyzy rahatlandyryp, konsantrasiýany güýçlendirýändigi kabul edilýär. Şonuň bilen bilelikde düzüminde birnäçe mineralyň bolmagy, onuň sarp edilmeginiň adam üçin peýdalydyr. Eger isleseňiz naharyň üstüne üwelen dalçyn sepiň, ýa-da dalçyn çybyjaklaryndan dalçyn çaýyny demläp, ondan peýdalanyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gabarçygy aýyrmak üçin tebigy çözgütler
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Tomus içimlikleri
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Beýni dumany we onuň käbir tebigy bejergi usullaryny