Ýakup Ömerogly türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy

Ýakup Ömerogly türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk toýunyň türki döwletlerde giňden dabaralandyrylýan günlerinde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň umumy ýygnagynda türk ýazyjy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy.

Baýragy Türkiýäniň Ankara şäheriniň Mamak etrabynyň häkimi hem-de Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň başlygy Murat Köse bilen Ankara jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň rektory hem-de Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygy, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Musa Kazym Aryjan gowşurdy.

Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragyna mynasyp bolan türk ýazyjysy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen: Men Mynasyby anyklaýyş geňeşiniň ähli agzalaryna, esasanam mähriban dostumyz, hormatly Ylýas Demirçä özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Dilde, pikirde we işde birlik şygary bilen, milletimize we türki dünýäsine hyzmat ýolunda elimizden gelenini etmegi dowam etdireris. diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellendi
Türki döwletleriň arasyndaky arkalaşyk etaby
Türkmenistanda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi