Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Ýaňlan, Diýarym!  2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün Aşgabat aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.

Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 12-si gatnaşdy.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeňijiler bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew,

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy;

Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;

Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa,

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi;

Aýgözel Batyrowa,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Dostluk çemeni tans toparynyň artisti;

Babajan Azadowiç Rozyýew,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Lebapgallaönümleri önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy;

Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Halk saz gurallary hünäriniň talyby Osman Sapargeldiýewiň ýekelikdäki konserti
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY