Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi uly şowhun bilen geçirilýär.

Ýakynda Aşgabat aýdym-saz merkezinde (amfiteatr) Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Telebäsleşige ýurdumyzyň welaýatlary we Aşgabat şäheri boýunça deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Olaryň çykyşlarynda döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi. Şeýlelikde, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 6-sy Ýaňlan, Diýarym!

telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Olar: Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow.

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulçysy Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa.

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň Dostluk çemeni tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Lebapgallaönümleri önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Azadowiç Rozyýew.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň medeniýet merkeziniň akkomponiatory Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew.

Bu dabara tanymal aýdymçylar, Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň geçen ýyllardaky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden aýdymçylaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi sungat äleminde täze aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşyp, ýeňiji bolan aýdymçylara geljekde hem sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli höwesjeň ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ilçihanasy Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Moskwada konsert gurady.
MOSKWADA DABARALY KONSERT PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY