“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň 2022-nji ýyldaky ýeňijileri yglan edildi

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň 2022-nji ýyldaky ýeňijileri yglan edildi

27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar.

Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan bilelikde guralýan bu telebäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna ýardam edýär.Ol 30 ýylyň dowamynda estrada dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykardy.

Olaryň sany bolsa 700-den hem geçdi.Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň saýlama ýaryşlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller öňe saýlandylar.Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döwrebap aýdymlary, öz düzen eserlerini ýerine ýetirdiler. Çykyşlara ýokary derejeli eminler tarapyndan halkara ölçeglere görä, bäş ugur boýunça baha berildi.

Soňky ýyllarda ses bermek hem-de sesleri sanamak işi sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.Bu bolsa çözgütleriň kabul edilmeginiň has anyk bolmagyna ýardam edýär.Bäsleşigiň düzgünine görä, oňa gatnaşyjylaryň saýlan saz kompozisiýalary sazly we sazsyz ýaňlandy.

Emin agzalarynyň öňünde gowusyndan-gowusyny saýlamak ýaly çylşyrymly wezipe durdy.Netijede, ýaş aýdymçylaryň 12-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de gala konserte gatnaşmaga hukuk gazandy.Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa; “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülüşiniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa; “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýew; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýew; Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýew; Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýew bar. Ýeňijiler ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandylar.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Köneürgenç sungat ussatlarynyň mekany
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY