Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

27-nji awgustda paýtagtymyzyň Aşgabat aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Emin agzalarynyň öňünde gowusyndan gowusyny saýlamak ýaly çylşyrymly wezipe durdy.Netijede, ýaş aýdymçylaryň 12-si 8 oglan we 4 gyz Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de gala konserte gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň netijeleriniň jemlenmegine we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary, ata Watanymyza, täze taryhy eýýamyň beýik işlerine, mähriban topragymyzyň gözelligine we söýgä bagyşlanan häzirki zaman aýdym-saz eserleri tüýs ýürekden hem-de täsirli ýaňlandy.

Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny saýlapdyrlar.

Jemleýji döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy bölegi onuň netijeleriniň jemlenilmegidir hem-de ýeňijileriň yglan edilmegidir.

Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmagynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edilip, olar ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglanyldylar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary hem gowşuryldy.

Ýeňijiler yglan edildi

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilen Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa;

Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülüşiniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa;

Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýew;

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýew;

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýew;

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýew.

Ýene degişli makalalar

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň 2022-nji ýyldaky ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Köneürgenç sungat ussatlarynyň mekany
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY