Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Türkiýäniň haryt dolanyşygy $1,5 milliarddan geçdi

Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Türkiýäniň haryt dolanyşygy $1,5 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygy $1,532 milliarda ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim köpdür. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok maglumat berdi.

Ilçiniň sözlerine görä, 2023-nji ýylda özara söwdanyň umumy möçberi 2,6 milliard dollara barabar boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

“Biziň pikirimizçe, döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda ýakyn geljekde söwda dolanyşygyny bäş milliard dollara ýetirmek barada öňde goýan umumy maksadymyza ýeteris” diýip, ilçi nygtady.

A.Demirok häzirki wagtda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda 4,4 milliard dollarlyk 19 taslamany durmuşa geçirýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýalary Türkmenistanda 19 taslama durmuşa geçirýär
Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti tassyklandy
Türkmenistanyň demirgazygyndaky etrapda irki käşiriň baý hasyly alyndy
Tagtabazar etrabyndaky fabrikde alty aýda 2 229,5 tonna ýüplük öndürildi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi
Azerbaýjan we Türkmenistan mata böleklerinden gurama guramak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär