Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrdy

Ýanwar-iýun: Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük daşamalaryň mukdaryny artdyrdy

Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdalar jemgyýetiniň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 1150,50 müň tonna ýük daşaldy we ýük daşamalarynyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 31,4% ýokarlandy. Bu barada “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýük daşamak boýunça Milli flotyň meýilnamasy 132,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabata görä, şu ýylyň ilkinji alty aýy boýunça ýük dolanşygy 476,838 million tonna-kilometra deň bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 28,7 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň ýanwar- iýun aýlary boýunça ýolagçy dolanşygy 2022-nji ýylyň degişli döwürleri bilen deňeşdirilende 100,8 göterim ýokarlandy we 3,713 million ýolagçy-kilometre barabar boldy.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) şu ýylyň 1-nji martyndan Türkmenbaşy-Baku (Alyat)-Türkmenbaşy ugry boýunça ýük awtoulaglarynyň daşalmagy üçin ýeňillikli nyrhnamalary girizdi.

Ýene degişli makalalar

Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti
Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýük awtoulaglarynyň daşalmagyna ýeňillikli nyrhnamalary girizdi
Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan Uniwersitetiň üç missiýasy halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder
AŞTU birnäçe ýokary tizlikli täze nyrhnamalary hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular