Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda $22 milliona deň boldy

Ýanwar-mart: Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda $22 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 22 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň habaryna görä, 2024-nji ýylyň üç aýynda Awstriýa ýurduň daşary söwda dolanyşygynda ilkinji 20-lige girýär.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 5 esse artdy.

2020-nji ýylda Türkmenistandan import edilýän harytlaryň esasy görnüşleriniň hataryna aragatnaşyk enjamlary, gök önümler we miweler, ulag serişdeleri, egin-eşikler we esbaplar girdi.

Ýene degişli makalalar

Wenesuela ABŞ-dan bikanun bosgunlary yzyna getirmek üçin uçar ugratdy
ykbal.com onlaýn dükany: tiz eltip bermek hyzmaty, önümleriň dürli görnüşleri, kepillendirilen hil
Trendýol Super Liganyň 37-nji hepdesi tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 25 esse ýokarlandy
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 22 million dollara ýetdi