Ýaponiýa bu gezek ýeňşe golaýlady

Futzal

boýunça 6-njy Aziýa çempionaty Hytaýyň Makao administratiw zolagynda geçirilýär. 2004-nji ýylyň 16-25-nji apreli aralygynda geçirilen ýaryşa 18 topar gatnaşyp, olar 4 toparçada çykyş edýär. “A” toparçada Eýranyň, Özbegistanyň, ilkinji gezek wekilçilik edýän Kambojanyň, Indoneziýanyň, Gonkongyň ýygyndylary özara güýç synanyşýar. “B” toparçany Hytaý Taýpeýiniň, Kuweýtiň, Koreýa Respublikasynyň, Maldiwleriň (ilkinji gezek gatnaşýar) ýygyndylary düzse, “C” toparçada Ýaponiýanyň, ýer eýeleri Makaonyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Liwanyň hem-de ýaryşyň debýutanty Filippinleriň milli ýygyndylary duşuşýar.

Tailanddyr Hytaýyň, Malaýziýanyň hem-de ilkinji ýola gatnaşýan Guamyň ýygyndylary “D” toparçada çykyş edýär.

Toparçasynda (“A”) 60 gol geçiren Eýranyň ýygyndysy Gonkongy 150, Indoneziýany 133, Kambojany 241, Özbegistany 81 hasaplar bilen utýar. Indoneziýany 10, Kambojany 131, Gonkongy bolsa 50 ýeňen özbekler toparçada 2-nji ýeri eýeläp, çärýek finala çykýar.

“B” toparçada Koreýa Respublikasy bilen Kuweýtiň ýygyndylary 12-nji orunlary eýeläp ýaryşy dowam etdiren toparlar bolýar. Olaryň ikisi-de çempionatyň täze topary Maldiwleri uly hasaplar bilen ýeňýär. Ýagny koreýler 233, kuweýtliler 200 hasabynda ýeňýär. Koreýa Respublikasy bilen Kuweýtiň arasyndaky duşuşyk çekeleşikli bolup, koreýler 53 hasabynda ýeňiş gazanýar.

“C” toparçada Ýaponiýa ýeňlişsiz 1-nji ýeri eýeleýär.Soňky 2 çempionatyň finalçysy ilki Liwany 40, Gyrgyz Respublikasyny 41 utýar.Olar soňky 2 duşuşygynda gol geçirtmezden ýeňiş gazanyp, Filippinleri 120, ýer eýeleri Makaony 170 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Toparçada 2-nji ýer ugrunda ýiti göreş bolup, liwanlylar gyrgyzlardan bir ädim öňe saýlanýar.Utuklary deň bolan toparlaryň özara duşuşyklarynda-da ýeňiş gazanan bolmaýar (22).Gollarda artykmaçlyk görkezen liwanlylar çärýek finala çykýar.

“D” toparçada ilkinji gezek gatnaşýan Guamyň ýygyndysy uly hasaply netijeler bilen ýeňlişe sezewar bolýar. Toparçada 1-nji orny eýelän Tailandyň ýygyndysy Guamy 210, Malaýziýany-da 132 hasaplar bilen utýar. Olar hytaýlylar bilenem 22 deňme-deň oýnaýar. Hytaýyň ýygyndysy Malaýziýadan 51, Guamyň ýygyndysyndan bolsa, 271 hasaplar bilen üstün çykýar.

Çärýek final duşuşyklary çekeleşikli ýagdaýda geçýär. Ýaponiýanyň ýygyndysy Hytaýyň milli toparyny 52, Tailandyň ýygyndysy-da liwanlylary 93 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. Çempion Eýranyň ýygyndysy Kuweýti 103 hasabynda utup, bassyr 6-njy gezek ýarym finalçy bolýar. 11 goluň geçirilen duşuşygynda özbekler koreýleri 65 utup, ýaryşdan çykarýar.

Ýarym finalda-da Eýranyň ýygyndysyna ýeňiş gazanmak kyn düşmeýär. Olar Tailandyň ýygyndysyny 61 hasabynda ýeňýär. Çekeleşikli geçen oýunda-da ýaponlar özbekleri 42 utup, bassyr 3-nji ýola finala adyny ýazdyrýar.

Final oýny geçen ýyldaky ýaly, bu gezek hem çekeleşikli geçýär. Garşylykly gollaryň geçirilen oýnunda Eýranyň ýygyndysy ýene-de ýeňiş gazanýar. 53 hasabynda ýeňiş gazanan eýranlylar bassyr 6-njy çempionlyk kubogyny asmana göterýär. Duşuşykda Eýranyň adyndan Haşemzadeh (2), Mohammadi, Heidarian hem-de Şamsaei, bu gezek hem utulan ýaponlaryň adyndan Kogure, Suzumura we Higa tapawutlanýar.

Şeýle-de Tailandyň ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysyny 31 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna 3-nji gezek bürünç medala eýe bolýar.

Çempion toparyň ýyldyzy Mohammad Reza Heidarian çempionatyň iň ökde oýunçysy saýlanýar. 33 gezek tapawutlanan Wahid Şamsaei yzly-yzyna 4-nji sapar iň netijeli futbolçy bolýar. Çempionatda 40 duşuşyk oýnalyp, olaryň ählisi hem Makaodaky “IPM Multisport Pavilion” stadionynda oýnalýar. Şol duşuşyklarda 433 gol geçirilýär.

Futzal boýunça Aziýa çempionatlarynyň taryhyndan

Şol bir final, şol bir çempion

Futzal

boýunça 7-nji Aziýa çempionaty 2005-nji ýylyň 22-nji maýy 4-nji iýuny aralygynda Wýetnam döwletinde geçirilýär. Ýurduň Hoşimin şäherinde geçirilen çempionata 24 ýygyndy gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndysy hem bolup, ilkinji gezek çykyş edýär.

Edil şonuň ýaly-da Butanyň, ýer eýesi Wýetnamyň hem-de Kataryň ýygyndylary çempionata ilkinji ýola gatnaşýar. Çempionatyň duşuşyklary Hoşimin şäherindäki 25 müň orunlyk “Army Zone” hem-de 5 müň tomaşaça niýetlenen “Phu Tho” stadionlarynda oýnalýar.

Toparlar 6 toparçada çykyş edip, 1-nji ýeri alanlar hem-de ikinjileriň iň gowy ikisi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

“A” toparçada ildeşlerimiz bilen bir hatarda, Tailandyň, Hytaýyň hem-de Maldiwleriň ýygyndylary çykyş edýär.Tailanddyr Hytaýdan asgyn gelen ildeşlerimiz Maldiwleriň ýygyndysyny 50 hasabynda ýeňýär.Netijede, Tailandyň hem-de Hytaýyň ýygyndylary 2-nji tapgyra çykýar. “B” toparçada Özbegistanyň ýygyndysy Filippinleri 71, Palestinany 91 hem-de Makaony 131 hasaplar bilen utup, toparçada iň öňdäki orny eýeleýär. “C” toparçada Eýranyň ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Butany 27-2 hasabynda utýar.

Kuweýtiň milli toparyny-da kynlyk bilen 10 hasabynda ýeňýär. Çempion 3-nji duşuşygynda Liwany 103 ýeňip, ýene-de ýeňlişsiz ýaryşy dowam etdirýär.Liwany 32, Butany 131 ýeňen Kuweýt toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.

“D” toparçada 4 ýyldan soň, täzeden çykyş edýän Täjigistanyň ýygyndysy 9 utuk toplaýar.Olar ilki Hytaý Taýpeýini 42, Katary 73 hem-de Koreýa Respublikasyny 86 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär. “E” toparçada ýaponlar gol geçirtmezden 3 duşuşygynda-da uly hasaplar bilen garşydaşlaryny ýeňmegi başarýar.

Yklymyň iň güýçli ikinji ýygyndysy ilki Guamy 180, soňra-da Malaýziýadyr Indoneziýany 70 hasaplar bilen utýar. “F” toparçada-da gyrgyzlar kiçeňräk hasaplar bilen bolsa-da, 3 duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp, 2-nji tapgyra çykan topar bolýar.

Olar ýer eýeleri Wýetnamy 41, Yragy 20, Gonkongy-da 50 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Şunlukda, her toparçadan 1 ýygyndy hem-de 2-nji ýeri eýelänleriň arasyndan iň gowy netije görkezen 2-si, ýagny Hytaý bilen Kuweýtiň ýygyndylary-da ýaryşy dowam etdirýärler.

Ikinji tapgyrda ýene-de toparçalaýyn duşuşyklar geçirilip, Ýaponiýadyr Eýranyň, Tailandyň hem-de Hytaýyň ýygyndylary “G”, özbekler, gyrgyzlar, täjikler hem-de kuweýtliler “H” toparçada çykyş edýärler. Şol bir wagtyň özünde esasy toparçalardan çykyp bilmedikleriň arasynda-da aýratyn ýaryş geçirilýär. Şondan türkmen futzalçylary Palestinanyň, Kataryň we Guamyň ýygyndylary bilen bir toparça düşýär.

Ildeşlerimiz Katary 86, Guamy 81 utan hem bolsalar, Palestinadan asgyn gelip (84), toparçada 2-nji ýeri eýeleýär.Soňlugy bilen, bu özboluşly bäsleşigiň finalynda Liwan bilen Yrak duşuşyp, olaryň birinjisi 62 ýeňiş gazanýar.

Esasy final tapgyryna dolansak, “G” toparçada Eýranyň ýygyndysy üçin garaşylmadyk hasaplar ýüze çykýar.Olar kem-kemden güýçlenýän Ýaponiýadan 31 utulýar.Bu olaryň çempionat geçirilip başlany bäri ilkinji ýeňlişi bolýar.

Soňky oýunda bolsa, Tailand bilen 33 deňme-deň oýnaýar.Hytaýdan 103 hasabynda üstün çykyp, kynlyk bilenem bolsa, ýarym finala ädim ädýär.Toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy 9 utuk toplap, 1-nji orny eýeleýär. “H” toparçada Özbegistanyň ýygyndysy täjikleri 51, kuweýtlileri 62, gyrgyz futzalçylaryny-da 62 ýeňýär.

Kuweýtdir Täjigistany, degişlilikde 41 we 30 hasaplar bilen ýeňen Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy ýarym finala adyny ýazdyrýar.

Ýarym finalda Ýaponiýa bilen Gyrgyz Respublikasynyň futzalçylary duşuşýar. Çekeleşikli geçen oýunda Nurjan Jetybaýewiň 3 goly gyrgyzlaryň finala çykmagy üçin ýeterlik bolmaýar.Takahari, Kogure (2) hem-de Suzumuranyň gollary bilen 43 ýeňiş gazanan ýaponlar yzly-yzyna 4-nji gezek finala çykýar.

Beýleki ýarym finalda-da Eýranyň ýygyndysy Özbegistany Raeisiniň, Haşemzadehiň hem-de Şamsaeiniň (2) gollary bilen 41 hasabynda ýeňýär.

Final duşuşygynda Eýranyň ýygyndysyna ýeňiş gazanmak ozalkylar ýaly ýeňil düşmeýär. Çekeleşikli geçen duşuşyk 20 hasabynda Eýranyň peýdasyna tamamlanýar we olar 7-nji gezek çempion diýen ada eýe bolýarlar.

Gollary 3-nji minutda Şamsaei bilen 8-nji minutda Zarei derwezä girizýär.Bu gezek 3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilmän, ýarym finalçy Özbegistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bürünç medal bilen sylaglanylýar.

Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, wise-çempion Ýaponiýadan Keniçiro Kogure saýlanýar. Iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda ýene-de iň ýokary orunda eýranly Wahid Şamsaeiniň ady bolup, ol bu sapar 23 gol geçirýär. Ýaponiýaly Keniçiro Kogureden soň, 13 gezek tapawutlanan ildeşimiz Taji Abdullaýew hem ilkinji üçlüge girýär. Çempionatda 78 duşuşyk geçirilip, şolarda 720 gol hasaba alynýar.

Ýene degişli makalalar

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň taryhyndan
S7 Airlines resmi taýdan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, Turkmenportal saýtynda Awtosynyň 4-nji sany çykdy, Türkmenistanyň we Awstriýanyň ýokary okuw mekdepleri Ähtnama gol çekdiler
Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyna gatnaşýar
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy
17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi