Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammit geçirmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammit geçirmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň hökümeti 1920-njy dekabr aralygynda Tokioda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammit geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni “Nippon.com” neşiri habar berdi.

Häkimýet başyndaky Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) wise-prezidenti Таrо Аsо “ÝaponiýaMerkezi Aziýa” dostluk ligasyndaky çykyşynda degişli meýilnamalar bilen tanyşdyrdy.

Sammitiň çäginde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmeginiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogy 2004-nji ýyldan başlap, Ýaponýanyň Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bu dialog ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalara ýardam edýär.

Ýene degişli makalalar

Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Şinzo Abe Üçin 27-ni Sentýabrda Resmi Jaýlaýyş Çäresi Geçirler
Braziliýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin 12 dalaşgär resminama tabşyrdy
Braziliýada saýlaw kampaniýasy başlady
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Şwesiýada täze hökümet: 26 ýaşly ministr bellendi