Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy

Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärligini tassyklady.

“Biziň partiýamyz tarapyndan Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew möhletinden öň Prezident saýlawlaryna dalaşgärligini hödürlemek biragyzdan tassyklandy” diýip, syýasy güýçleriň wekili habar berdi.

Möhletinden öň Prezident saýlawlary 9-njy iýulda geçiriler. Saýlaw kampaniýasy 10-njy maýda başlandy. Bu, döwlet Baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan Konstitusiýa üýtgetmelerinden soň ilkinji Prezident saýlawy bolar. Häzirki Prezident Şawkat Mirziýoýew iki möhletden soň ýene-de öz dalaşgärligini hödürlemek hukugyna eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Putiniň dalaşgärligi tassyklandy
Sluskiý Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmakçy
Wladimir Putin Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,33 göterimini gazandy