Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini düýn geçirilen Özbegistanyň Prezidentiniň möhletinden öňki saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly döwletiň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdirilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri, iki ýurduň arasynda hökümetara toparlaryň mejlisleriniň, ulag, energetika we medeniýet pudaklaryna gözegçilik edýän ministrleriň duşuşyklarynyň üstünlikli geçirilendigine üns çekildi.

Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny hem-de doganlyk türkmen we özbek halklaryny has-da ysnyşdyrmaga niýetlenilen medeni maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini hem belläp geçdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly beýleki birnäçe meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem şu gün Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar beripdik.

Ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçirildi. Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatlaryna salgylansak, Özbegistandaky ses bermäge hukugy bolan raýatlaryň 79 göterimi saýlawlara gatnaşypdyr. Saýlawyň deslapky netijelerine görä, saýlawda Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasyna (O'zLiDeP) wekilçilik eden, ýurduň häzirki Baştutany Şawkat Mirziýoýew 87,05 göterim ses toplap ynamly ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Mirziýoýew Özbegistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde tassyklandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Ahalteke atym uçar ganatym
Soçi Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi
Wekiller palatasynyň täze başlygy