Ýaponiýa, Russiýa Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär

Ýaponiýa, Russiýa Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär

Ýapon hökümeti, 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş yglan eden Russiýa sanksiýa goýmaga dowam edýär.

Ýapon hökümeti, 398 rus raýaty bilen 28 rus guramanyň emlagynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi.

Sanksiýa goýlan rus raýatlarynyň hatarynda döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gyzlary Katerina Tihonowa we Maria Worontsowa bilen Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýaly hem ýer alýar.

Hökümetiň, ýapon firmalarynyň we raýatlarynyň Russiýa maýa goýmagyny hem gadagan etjekdigi nygtalýar.

Ýapon hökümetiniň metbugat sekretary Matsuno Hirokazu, metbugata beren beýannamasynda, Russiýa-Ukraina söweşinde adam pidalarynyň artmazlygy we gysga wagtda hüjümleriň bes edilmegi üçin Moskwa sanksiýa goýmaga dowam etjekdigiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary
Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary teatr sahnasynda synag tabşyrdylar
Türkiýe Gresiýanyň Prezidentine reaksiýa bildirdi
2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Oýunlaryň Olimpiýa alawy Pekine getirildi