Ýaponiýaly žurnalist Eýranda tussag edildi

Ýaponiýaly žurnalist Eýranda tussag edildi

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Eýranda Ýaponyň döwlet tele-ýaýlymy NHK-nyň Tährandaky bölüminiň ýolbaşçysy tussag edildi.

Habarda žurnalist Şinosuke Kawaşimeniň Ewin tussaghanasynda tussaglykda saklanýandygy nygtaldy.

NHK-nyň metbugat sekretary çarşenbe güni AFP habarlar gullugyna beren beýannamasynda “NHK hökmünde ilkinji nobatda hünärmenimiziň howpsuzlygyna uly ähmiýet berýäris. Häzirki pursatda hiç hili garaýyş beýan edip bilmeris” diýdi.

Hökümetiň metbugat sekretary Masanao Ozaki metbugata beren beýannamasydna 20-njy ýanwarda Ýaponiýanyň raýatynyň tussag edilendigini mälim etdi, emma mesele hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.

Ministrler kabinetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Ozaki, “Ýapon hökümeti 20-njy ýanwarda Eýranyň paýtagty Tähranda ýerli ýolbaşçylar tarapyndan Ýaponiýanyň raýatynyň tussag edilendigini tassyklady. Hökümet raýatynyň boşadylmagy üçin Eýrana çagyryş etdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ATF-niň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler
Çykdajylaryň artmagyna garaşylýar
Lukman gulaklykda uzak wagt saz diňlemegiň zyýanlydygyny duýdurdy
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalda nähili dabaralar bolar?
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalyň maksatnamasy belli boldy
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar