Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady

Ýaponiýanyň Imperatory hökümetiň täze düzümini tassyklady

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň geçiren özgerişliklerinden soňra hökümetiň täze düzümini tassyklady. Resmi dabara Tokiodaky Imperator köşgünde geçdi. Bu barada TASS habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Ministrler Kabinetiniň düzüminiň Imperator tarapyndan tassyklanmagy Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hökman geçirilýän kadadyr. Dabaranyň dowamynda ministrler nobatma-nobat monarhyň elinden wezipä bellenendikleri baradaky ýörite resminamany kabul edýärler.

Hökümetdäki wezipä bellenen 19 ministriň hatarynda 9 ministriň ilkinji gezek düzüme girýändigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Pajygaly aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berildi
Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi
Ýaponiýanyň Imperatory ýurduň Hökümetiniň täze düzümini tassyklady
Täze hökümeti tassyklady
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar gelýär