Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy

Tokionyň Imperator köşgünde ilçi Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Onuň Alyjenaby Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde ilçi Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Imperator Naruhito Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryna gutlag iberdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmenistan Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly Ýaponiýa gynanç bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady