Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar

Ýaponiýanyň Imperatoryna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Bu şanly gün mynasybetli hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Onuň Alyjenabynyň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu mümkinçilikden peýdalanyp, Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaponiýanyň Imperatoryna gutlag iberdi
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmenistan Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly Ýaponiýa gynanç bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady