Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşady

Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşady

Dünýäde iň gadymy dolandyryjy nesilşalygyň wekiliniň 62 ýaşy doldy, düýn Ýaponiýada imperator Naruhitonyň 62 ýaşy baýram edildi. Onuň döwründe ýurduň taryhynda ajaýyp sazlaşyk diýen manyny aňladýan Reýwa eýýamy başlandy.

Köpçülikde seýrek duşýan imperator kortežini ýaponlar elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar, Naruhitony halk diýseň söýýär.

Naruhito tagta 59 ýaşynda, kakasy Akihito tagtdan ýüz öwreninden soňra çykdy. Akihito ýurdy 30 ýyl dolandyrdy.

Imperator Oksfordda okap, derýa ulaglary we suw gorlary meselelerini öwrendi. Onuň aýaly Masaki çagalygyny Moskwada geçirdi, Garwardda okap, diplomat hünärini ele aldy. Olaryň bir gyzy dünýä indi.

Ýeri gelende aýtsak, her bir imperatorlyk döwrüniň öz şygary bar, Naruhitonyň tagt başyna gelmegi bilen, Ýaponiýada Heýseý eýýamy — parahatçylygyň ýola goýulmagy döwri tamamlanyp, Ajaýyp sazlaşyk eýýamy başlandy.

Ikinji jahan urşundan bäri ýapon hökümdarlary döwletiň syýasatyna goşulmaýarlar, imperatoryň ygtyýaryna Mejlisi çagyrmak we goýbermek, sylaglamak we milli hem-de resmi dabaralara gatnaşmak girýär.

Bu barada Mir 24 teleýaýlymy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň bilim ojagy dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda
Times Higher Education (THE) tarapyndan düzülen halkara reýtinge Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi hem girizildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyna girdi
Garward ABŞ-nyň iň baý uniwersiteti boldy
ABŞ-da adamyň koronawirus bilen keselländigini anyklaýan örtük oýlanyp tapyldy
Koronowirusy 90 minutda anyklap bilýän örtük işlenip taýýarlanyldy