Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy

Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy

Ýer aýagyň astyndan gidýän ýaly boldy, edara işgärleri stollaryň aşagynda gizlendiler, köçelerde ýolyşyklar we ýol belgileri yrandy. Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Kýusýu adasy güýji 7,1 bala deň bolan ýer yranmasyny başdan geçirdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýer sarsgynynyň ojagy ummanyň 30 kilometrlik çuňlugynda hasaba alyndy, netijede, kenara boýy bir metrlik tolkunlar urdy. Ýer titremesini ýaponlar adadan uzakda hem duýdular. Adanyň ýaşaýjylary bolsa, näme etjekdiklerini bilmediler: köçä gaçmalymy ýa-da yraň atýan jaýlarda galmalymy?

Demirýolçular tiz ýöreýän otlularyň hereketini sakladylar. Ejir çekenler barada habar berilmeýär.

Ýaponiýalylara Nankaý jaýrygynyň etrabynda güýçli ýer yranmasynyň bolmak ähtimallygy barada duýdurdylar. Bu barada ýerli meteorologik gullugyna salgylanýan TASS habar berdi. Öň bu etrapda iň güýçli ýer yranmasy 1946-njy ýylda bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy
Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy
Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi
Ýer Titrmelerinde Pida Bolanlaryň Sany 8,574 Adama Ýetdi
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 9,057 Adama Ýetdi
Papa Frankis Ýer Titremesinde Ejir Çekenler Bilen Arkalaşyk Üçin Çagyryş Etdi