Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 9,057 Adama Ýetdi

Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 9,057 Adama Ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD 6-njy fewralda bolan ýer titremesinde 9 müň 57 adamyň ýogalandygyny, 52 müň 979 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýykylan 6,444 binanyň ýerleşýän sebitinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ejir çekenler üçin sebitde 70,818 maşgala ýaşaýyş çadyry guruldy.

Ýerlerde 96,670 gözleg we halas ediş gullukçysy iş alyp barýar.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja ýer titremesinden ýitgi çekilen 10 welaýatda 77 göçme hassahana açandyklaryny nygtap; “Gyssagly saglyk üpjünçiligi döredilen hassahanalaryň bir böleginde hirurgiki operasiýalary edip bilýäris. Saglyk ýagdaýy agyr bolan raýatlarymyz ilkinji bejergiden soň dik uçarlar bilen sebitdäki hassahanalara ugradylýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Fahrettin Koja Gaza saglyk kömeginiň ugradylmaga dowam edýändigini habar berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”
Gazaly Hassalar Türkiýä Getirildi
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Gazaly Ýene-de 102 Ýaraly Türkiýä Getirler
Fahrettin Koja 2024-nji ýylda dogulan ilkinji bäbekleriň suratlaryny paýlaşdy