Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýar

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýar

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi, diýip ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi.Taraplar global gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda iki döwletiň syýasy ulgamdaky özarahereketleriniň aýrylmaz bölegini düzýän parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçä ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Katsumata Takahiko döwlet Baştutanyna we DIM-niň ýolbaşçysyna özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini netijeli durmuşa geçirmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy we hemaýaty üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň, Alžiriň we Eýranyň Ilçileri Ynanç Hatyny Gowşurdy
22.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
LETTER OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN ADDRESSED TO EMPEROR NARUHITO
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
22.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi