22.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.Işewür ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň işewürler toparlarynyň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen iri ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şunda milli Liderimiz däbe öwrülen bu işewür gatnaşyklaryň şu gün hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Şol özgertmeler milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, köpugurly senagat toplumyny döretmäge, ähli ugurlarda we pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza iri maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň - Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmagyň barşy barada habar berdi.Bellenilişi ýaly, şeýle taslama Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň gatnaşmagynda dünýä tejribesinde ilkinji gezek amala aşyrylýar. Çig malyň çuňňur arassalanmagy netijesinde zawodyň öndürjek önümi hili we ekologiýa talaplary boýunça ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk geler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, anyk netijäni ugur edinýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň, Alžiriň we Eýranyň Ilçileri Ynanç Hatyny Gowşurdy
Türkmebaşy şäheriniň mekdep-internatynda maýyp çagalara hünär öwretmek barada ylalaşyga gol çekildi
LETTER OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN ADDRESSED TO EMPEROR NARUHITO
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
22.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi