27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi.Wagt tapyp kabul edendigi we döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanda gurlan we dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Şunlukda, ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň oňyn içeri we daşary syýasatyny alyp barýan hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy. Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine hoşniýetli jogap sözlerini aýdyp, strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Özara bähbitli, däp bolan dostlukly türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ýyl-ýyldan ähli ugurlar boýunça berkidilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň bütin dünýä belli kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan köpýyllyk işleriniň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we ony köpugurly esasda ösdürmek, häzirki zaman ylmyna daýanýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek boýunça alyp barýan işleri dürli ugurlardaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, haryt dolanyşygyny artdyrmak, işewür gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermek we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Himiýa senagaty, şol sanda nebit we gaz himiýasy, ulag-aragatnaşyk pudagy, logistika, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.Bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň netijeli häsiýete eýe boljakdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine möhüm orun degişlidir.

Onuň nobatdaky, 13-nji bilelikdäki mejlisi şu ýylyň 23-nji maýynda Aşgabatda geçirildi.Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplanyldy.Maryda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça senagat toplumynyň, Garabogazda karbamid dökünlerini öndürýän zawodyň, Gyýanlyda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça toplumyň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Owadandepede tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän döwrebap zawodyň açylmagyna görülýän taýýarlyk işleri ýokarky sanawyň üstüni ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, jenap Ýoşihiko Isozaki dünýäde ilkinji şunuň ýaly senagat desgasy bolan täze kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köpugurly esasda, hususan-da, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan Merkezi Aziýa+Ýaponiýa gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş depginini üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşary ýurt işewürligi üçin özüne çekijiligini artdyrýandygy bellenildi.Döwletara gatnaşyklar meselelerine yzygiderli goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhman Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda köpýyllyk gatnaşyklaryny dowam etmäge we amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen şertlerde öz ornuny pugtalandyrmaga bolan meýillerini mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz işewür düzümleriň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, myhmany ýurdumyzda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri taraplaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň üýtgewsiz dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

01.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe hat iberdi
Tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
22.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi
27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi