Türkmebaşy şäheriniň mekdep-internatynda maýyp çagalara hünär öwretmek barada ylalaşyga gol çekildi

Aşgabatda Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýeti bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki mekdep-internatda maýyp çagalara oba hojalygyndan hünär öwretmek üçin ýyladyşhananyň gurluşygynyň taslamasy boýunça Grant ylalaşygyna gol çekildi. Taslama çagalarda ulalandan soň gerek boljak hünär başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmen tarapyndan ylalalşyga Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa, ýapon tarapyndan Ilçi Takahiko Kasumata gol çekdiler. Dabara gatnaşanlar dostlukly iki ýurduň özara hereketinde ynsanperwer ugruny, şeýle hem bu taslamanyň durmuş taýdan ähmiýetlidigini bellediler.

--Bu eýýäm Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe taýdan goldaw bermeginde amala aşyrylýan ikinji taslamadyr---diýip Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açylowa gürrüň berýär.—Olaryň birinjisi--Türkmenbaşy şäheriniň maýyp çagalar mekdep-internatynda durmuşa geçirildi, onuň netijesinde çagalar ýyladyş hojalygyny ýöretmegiň esasy usullaryny özleşdirýärler.

Bu tejribe bu çagalara hünär edinmekde zerur endikleri öwrenmäge kömek eder, olaryň şahsyýet hökmünde ösüşine we durmuş işjeňliginiň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Toparlaýyn, şahsy agzalary, şeýle hem meýletinler bolan welaýat we etrap komitetlerinden durýan Gyzyl Ýarym aý Milli jemgyýetiniň işi rehimlilik we hoşgöwünlik ýörelgelerine esaslanýar.Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzasy bolmak bilen biziň wezipämiz ýaşlaryň arasynda türkmen halkynyň ata-baba gelýän ruhy-ahlak ýörelgelerini wagyz etmekden ybaratdyr—diýip M.

Açylowa nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň, Alžiriň we Eýranyň Ilçileri Ynanç Hatyny Gowşurdy
22.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
LETTER OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN ADDRESSED TO EMPEROR NARUHITO
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ IMPERATOR NARUHITO ÝOLLAN HATY
22.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi