Ýaponiýanyň üstünden otly şar uçup geçdi

Ýaponiýanyň üstünden otly şar uçup geçdi

Ýaponiýada sosial ulgamlardan peýdalanyjylar duşenbe güni irden asmanda syrly ýanýan şary görendigini ýazýarlar. Onuň wideo we fotoşekilleri ýurduň dürli künjeklerinde, esasan hem, gündogar we demirgazyk-gündogar künjeklerinde surata alyndy. Bu barada Ren.tv habar berdi.

Wideoşekillerde äpet otly şar görünýär, ol sekuntda 42,4 kilometr tizlik bilen Sagami aýlagyndan Nagano prefekturasyna tarap uçup geçdi.

Käbir etraplarda adamlar partlama meňzeş gümmürdi eşidendiklerini gürrüň berýärler. Ýaşaýjylaryň käbiri onuň meteorit bolmagy mümkin diýip, çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

45 ýaşynda karýerasyny tamamlady
Ýaşaýjylar "Awazanyň" şu ýyl 'halk üçin ýapylmak' ähtimallygyndan alada galýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Putin: BRIKS-iň dünýäniň jemi içerki önümindäki paýy 36 göterime çenli artdy
ABŞ-da artyk agramly gyz gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy
Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi
ABŞ-da 110 million adam howanyň ýaramazlaşmagy sebäpli howp astynda