Ýaponlaryň 60%-i Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýar

Ýaponlaryň 60%-i Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýar

Ýaponiýanyň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 60%-i Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň ýatyrylmagyny goldaýar. Muny Kiodo agentligi tarapyndan geçirilen derňewiň netijesi delillendirýär diýip, kp.ru habar berýär.

Sorag edilenleriň diňe 12,6%-i Oýunlaryň geçirilmegine, ýöne çäkli tomaşaçy bilen geçirilmegine ses berýär. Ýene 25,2%-i çäräniň boş münberler bilen geçirilmegini goldaýar.Görnüşi ýaly, ýaponlar, esasan, şu tomus Olimpiýa oýunlarynyň geçirilmegine garşy çykýarlar.

Bu sanjym depgininiň pes bolmagy we kesellänleriň sanynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, ýekşenbe güni Tokioda Paralimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 100 güni yza sanamagyň şanyna dabara geçirildi we onda guramaçylar, şeýle-de Halkara paralimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Endrýu Parsons “üstünlikli we howpsuz oýunlaryň” geçirilmegi ugrunda çykyş etdiler.

Bu derňew 15 we 16-njy maýda geçirildi.Soraga gatnaşanlaryň sany we ýalňyşlaryň ähmiýeti görkezilmedi.Bu gezek jogap berýänlere ilkinji gezek “çäräni yza süýşürmeli” jogap warianty hödürlenmedi.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
1,5 milliard dollara satyldy
Owganystan bilen bagly ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi
Awstraliýanyň iň köp ilatly şäheri Melburn boldy
Brodweý Operanyň ruhy bilen hoşlaşýar
Alymlar: internet adamyň aňyna zyýan ýetirmeýär
Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi