'Ýaraly eller, mydama ýadaw'. Türkmen migrant aýallary Türkiýede nädip gazanç edýär?

'Ýaraly eller, mydama ýadaw'.  Türkmen migrant aýallary Türkiýede nädip gazanç edýär?

Türkmenistandan Türkiýä gazanç üçin gelen aýallaryň köpüsi öý işleri we jaý süpürmek bilen meşgullanýar.Käbir aýallar iş berijiniň öýünde hyzmat edýän ýerinde ýaşaýarlar, käbirleri bolsa birnäçe ýerde işleýärler we her gün dürli ýerlere gatnaýarlar.

Bu gaty agyr fiziki zähmet zyýanly himiki maddalar bilen işlemegi hem öz içine alýar we köplenç döreýän kemsidiji ýagdaýlar bilen bilelikde zenanlaryň saglygyna zyýan ýetirýär we umytsyzlyk duýgusyny ýokarlandyrýar.

42 ýaşly türkmen migranty Selbi Stambulda bir öýde hyzmatçy bolup işleýär we iş berijileri bolan türk maşgalasy bilen ýaşaýar. Onuň iş güni ir sagat 7-de başlanýar, sagat 8-e çenli ertirlik naharyny taýýarlamaga we tutuş maşgala üçin ähli taýýarlygy üpjün etmäge borçly. Zenan ertirlik naharyndan soň, stoly arassalap tertipleýär we gündelik işlerine başlaýar.

Selbiniň gündelik borçlarynyň sanawyny iş beriji maşgalanyň özi düzýär.Adatça gündelik işleriniň sanawyna penjireleri ýuwmak, ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlary taýýarlamaga kömek etmek, nahar başynda hyzmat etmek, bir günüň dowamynda jaýyň bir gatyny arassalamak, hajathanalary, suwa düşülýän otaglary güýçli himiki arassalaýjy serişdeleri ulanyp tämizlemek ýaly işler girýär.

Günüň dowamynda ol agyr zatlary göterýär, goşlary süýşürýär.Onuň işi diňe bir öýüň içi bilen çäklenmeýär, ol daş töwereginiň arassalygyna hem gözegçilik edýär, öýe barýan basgançaklary arassalaýjy himiki serişdeleri bilen yzygiderli ýuwup durýar, daşarda duran ullakan güldanlaryň süýşürýär.

Maşgala agzalarynyň biri köçeden öýüne gelen dessine öý hyzmatçysy onuň aýakgabyny arassalap, ýuwup-süpürmäge borçly. Agşamlyk naharyndan soň, iş berijilere çaý, kofe, beýleki içgileri hödürlemeli, miwe, hoz ardyp bermeli.

Günüň soňunda haçan-da öý eýeleri öz otaglaryna girenden soň, Selbi-de öz otagyna baryp bilýär. Şeýlelikde onuň iş güni agşam 10-11-e golaý tamamlanýar. Selbiniň dynç almaga diňe hepdede bir güni bolýar.

43 ýaşyndaky Nargiza hem Stambulda ýaşaýar, gazanç etmegiň başga bir ýoluny saýlady. Hepdäniň dowamynda ol her bir güni aýry - aýry maşgalalarda işleýär.

Nargiza ir sagat 7-de öýden çykýar.Adatça iş ýerine baryp ýetmek üçin oňa 1-1,5 sagat gerek bolýar.Käbir maşgalalarda oňa ertirlik nahary berilýär, beýlekilerde berilmeýär.

Nargizanyň iş güni edil Selbiniňki ýaly agyr we başagaý geçýär.Nargiza perdeleri we tutulary söküp, ýuwýar we soň gaýtadan ýerine oturdýar, gün uzyn otaglary, hajathanalary arassalaýar.Zenan günüň dowamynda dürli arassalaýyş himiki serişdelerini ulanýar, hajathanalary, duş otaglary, diwarlary we pollary hlorly suwuklyklar bilen ýuwýar.

Agşamlyk nahardan soň öý eýeleriniň eşiklerini, düşek daşlyklaryny ütükleýär. Şeýlelik bilen, Nargiza giç agşama çenli işleýär we öýüne diňe iş gutarandan soň, gije barýar we öýünde diňe uklaýar.

Gije-gündiz bir öýde bolup, şol ýerde işlemek we ýaşamak usuly bilen deňeşdirende, Nargizanyň iş tertibi ýaşaýyş jaýy üçin töleg, ýol çykdaýjylary, kommunal hyzmatlaryna töleg ýaly harajatlary öz içine alýar, emma ol şeýdip, öz maşgalasy bilen bile bolmak üçin işiň şeýle görnüşini saýlaýar.

Bu ýagdaýda zenan çykdajylaryny ödemek üçin hepdäniň dowamynda dynç almazdan 7 günläp işleýär.Bu bolsa saglyga uly zyýan ýetirýär.

Bu görnüşli iş tertibi adatça bir aýda 10 müňe lira ýa-da 500 golaý amerikan dollaryny gazanmaga mümkinçilik berýär. Stambulda ýaşamak üçin iň minimal çykdajy bir aýda 3 müň lira talap edýär bu çak bilen 157 dollara barabar bolýar.

Öýleri arassalamak köp fiziki güýji talap edýän iş. Aýallar günüň dowamynda agyr öý goşlaryny göterýärler we ýuwujy serişdeleri, arassalaýjy himiki serişdeleri köp ulanýarlar. Bu himiki maddalardan her gün irden agşama çenli dem alýarlar, üstesine-de, köplenç ellerini goragsyz goramaýarlar, netijede bu zyýanly maddalar deriniň üsti bilen bedene aralaşýar, zäherleýär we dürli kesellere sebäp bolýar.

Zenanlar dürli saglyk problemalaryna duçar bolýar, güýçli kelle agyry, ysgynsyzlyk, aýaklarynyň we elleriniň çişmegi, aýaklarynda damarlaryň ulalmagy, gözüniň ýitiliginiň gowşamagy, dişleriniň zaýalanmagy we dökülmegi köp duş gelýär. Emma zenanlar agyryny aýyrýan dermanlar bilen oňuşýarlar we işini dowam etdirýärler.

Türkmen aýallary öz arasynda köplenç saglyk problemalaryndan we dowamly ýadawlykdan zeýrenýärler. Muňa garamazdan, çykdaýjy etmejek bolup, medisina hyzmatlaryndan peýdalanmaýarlar, köpüsi hatda dynç almagy-da özlerine dözmeýärler. Şeýle ýagdaýlaryň birinde aýaly bilen bir ýerde ýaşaýan adamsy ýoldaşynyň gazanan pullaryny saglyk bejergisine sarp etmegine rugsat bermeýär we hatda onuň işden galyp, gazançdan galmagyny hem islemeýär.

Stambulda ýaşaýan Aýnabat şeýle gürrüň berdi: "Ýoldaşym gazanan pulumy saglyk bejergisine sarp etmegime düýbünden garşy, üstesine-de bejergi aljak wagtym işlemezligime rugsat bermeýär". (Zenanyň ady üýtgedilen- red.)

Aýnabat güýçli kelle agyrydan ejir çekýär, käbir günlerde düşekden galmaga-da ysgyny bolmaýar, özüne erk edip, zordan işe çykan günlerinde mydama başy aýlanýar, gözi garaňkyrap huşuny ýitirmäge golaý bolýar.

Türkmen migrantlarynyň aglaba köplügi Türkiýede sosial taýdan goragsyz ýaşaýar. Köpüsinde dokumentler bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykýar, ençemesinde kadaly lukmançylyk ätiýaçlandyryş resminamalary ýok.

Problemalaryny çözüp bilmeýän aýal maşgalalaryň köpüsi, kynçylyklaryny biri-birine aýtmakdan başga çäre tapmaýarlar:

- "Goňşym gaýyn enesi bilen telefonda gürleşdi we saglygynyň ýaramazlygy barada gürrüň berdi we saglyk bejergisini almak üçin rugsat sorady. Gaýyn enesi bu teklibe özüniň närazyçylygyny bildirdi. Gaýyn ene gelniniň saglyk bejergisini almagyna garşy çykyp, diňe Türkmenistana geleninden soň alyp biljegini aýtdy".

- "Biziň aýal-gyzlarymyz haýsydyr bir tehniki enjam ýa-da maşyn ýaly özlerini gaýgyrman işlemek üçin programmalaşdyrylana meňzeýär.Aýallar öz çagalaryny ençeme ýyllap görmekden mahrum bolmak, olardan aýrylyk hasratyny başdan geçirmek bilen çäklenmän, üstesinede kyn işlerde saglyklaryny ýitirip, agyr zähmet bilen gazanan pullaryny-da öz saglygyny dikeltmek üçin ýerlikli ulanyp bilmeýärler.

Hepdede ýekeje bir dynç güni bolsada, olar şony-da öz adamsyna hyzmat edip geçirýärler".

Aýal-gyzlar Türkiýede işleýärkä uly kynçylyklara sezewar bolýarlar we hemişe stres astynda ýaşaýarlar. Türkmenistanda galan çagalaryndan jyda düşüp, horluk çekýän, olary alada edýän zenanlar hatda öz gazanan pullaryny ulanmakda hem haksyz galýarlar.

Öz ýurdundaky ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň güýçlenmegi türkmen raýatlaryny gazanç çeşmelerini daşary ýurtlarda gözlemäge mejbur etdi. Türk Migrasiýa Gullugynyň iň soňky maglumatlaryna görä, Türkiýe döwletinde Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny ýagdaýda ýaşaýar. Garaşsyz maglumatlara görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen raýatlarynyň sany birnäçe esse köp.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Balzaminowyň öýlenişi atly täze oýun sahnalaşdyryldy
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi