Ýaramaz endigiň saglyga zyýany

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 20222025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hereketde

Adamyň saglygy jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda zyýanly endiklere garşy çäreler alnyp barylýar.Muňa garamazdan jemgyýetimizde zyýanly endikleriň girdabyna düşýänler henizem duş gelýär.

Adam saglygyna zyýanly endikleriň biri hem çilimkeşlikdir.Käbir adamlar çilimiň zyýan berýändigine ýüzleý garaýarlar, onuň ýaramaz netijelere getirýändigine üns bermeýärler.Bejermesi kyn dertlere sebäp bolýan çilimkeşlige biperwaý garamak düýbünden ýalňyş pikirdir.

Muny şu mysallar arkaly hem delillendirip bolar.

Temmäkiniň düzüminde köp sanly himiki jisimler bolup, olaryň ählisi saglygyň duşmanydyr. Çilimiň düzüminde nikotin, myşýak, ammiak, sinil turşusy, ugar we kömürturşy gazlary, kükürtli wodorod, efir ýaglary we beýleki zyýanly himiki maddalar bolup, olar keselleriň ençemesiniň döremegine getirip bilýär. Çilimiň tüssesi bilen zäherli maddalaryň ýarysy howa gitse-de, belli bir möçberi onuň düýbünde galýar we adam bedenine siňmegi netijesinde adam kem-kemden zäherlenmä duçar bolýar.

Çilim tüssesinde köp mukdarda dürli himiki maddalaryň bardygy ylmy taýdan anyklanyldy. Şolaryň hiç birisinden hem adam bedenine haýyrlysy ýokdur, gaýtam olaryň hemmesi zyýanlydyr.Olardan adam bedenini has agyr zäherleýänleri nikotin, katran, karbon monooksidi düwnük bokurdagyň we gyzylödegiň howply täzedöreme kesellerini emele getirýän kanserogen maddalardyr.

Nikotiniň zäheri edil sianiý turşusynyňky ýaly awulydyr.Dem alyş agzalary ilkinji urgyny alýan agza bolup, olara uly zeper ýetýär.Temmäki tüssesindäki awuly jisimler we gurum bokurdagyň, traheýanyň, bronhlaryň nemli bardasyny gyjyndyryp, dürli keselleriň, şol sanda sowuklamalaryň döremegine sebäp bolýar. Çilimkeşlerde bolýan dowamly bronhit zerarly olar üsgülewükden ejir çekýärler.

Nikotiniň burun boşlugynyň nemli bardasyny yzygiderli gyjyndyryp durmagy netijesinde dowamly katar ýüze çykýar, ol hem uzagyndan ys alşyň peselmegine sebäp bolýar.Dem alyş agzalarynda dowamly sowuklama emele getirip, öýken sowuklamasy, inçekesel, öýkenleriň mahsus däl keselleriniň döremegine sebäp bolýar.

Öýkenleriň öýjüklerinde temmäki galyndylarynyň toplanmasy karboksigemoglobiniň emele gelmegini güýçlendirip, howa çalşygynyň bozulmagyna getirýär we kislorod ýetmezçiligini döredýär.Bu bolsa, öz nobatynda, tutuş bedeniň alyş-çalyş funksiýasynyň bozulmagyna sebäp bolýar.

Ylmy çeşmeleriň maglumatlaryna laýyklykda, howply täzedöreme kesellerine duçar bolan çilimkeşleriň öýkenlerinde dowamly häsiýete eýe bolan üýtgeşmeler anyklanylýar.Temmäkiden zäherlenmäniň ilkinji alamaty baş aýlanmadyr. Çilim çekýän adamlarda çalt ýadamak, gyzmalyk, kellagyry ýüze çykýar, huşy kütelýär, ukusyzlyk, beden argynlygy, ýürek bulanma ýaly ýagdaýlar döräp, wagtyndan öň garradýar.

Nikotin böwregüsti mäzlerden adrenalin we nor-adrenalin gormonlaryň bölünip çykmagyna ýol açýar.Aşgazanda turşulyk bölünip çykmasyny güýçlendirýär.Ol aşgazanda ýara döremegine sebäp bolup bilýär.Adamyň dem alşy çaltlanýar. Ýürek urşy ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar.

El-aýak damarlary büzülýär, olara gan kadadan has az barýar.Netijede, el-aýak sowaýar.Ol dürli beden näsazlyklaryna, şol sanda damarlaryň dykylmagyna, işdäsizligiň peýda bolmagyna, iýmit siňdirişiň peselmegine, dişleriň saralmagyna, netijede etiniň çüýräp, dişleriň dökülmegine we beýleki dertleriň döremegine sebäp bolýar.

Çilimkeşleriň diliniň üstünde ak galyň gatlak bolup tagam duýmasy peselýär. Çilimkeşleriň burun boşlugynda dowamly sowuklama sebäpli ys almasy kütelýär. Şeýle hem gözi hemişe gyzaryp ýaşarýar, gabaklary çişip duransoň görşi, reňk saýgarmasy peselýär. Çilimkeşleriň agyz-burun boşlugynyň dowamly sowuklamasy gulak-eşidiş agzalaryna ýaramaz täsir edýär.

Çilimiň tüssesi tüýkülik mäzlerini gyjyndyrýar, tüýkülik köp bölünip çykýar, dişler zaýalanýar we dökülýär.BSGG-niň habaryna laýyklykda, agyz boşlugynda we gyzylödekde howply täzedöreme keselleri çilimkeşlerde köp gabat gelýär. Çilim tüssesiniň aşgazanyň nemli bardasyny yzygiderli gyjyndyrmagy netijesinde aşgazan turşusynyň köp bölünip çykmagyna we dowamly gastrite getirýär.

Nikotin aşgazanyň we içegäniň işleýşini gowşadýar hem-de işdä kesilip, iýlen naharlar gowy siňmeýär. Çilim tüssesi aşgazanasty mäze, bagra zyýan ýetirýär.Köplenç çilimkeşiň bagry ulalýar, eger çilimi taşlasa, bagyr öňki ýagdaýyna gelýär. Çilimiň tüssesi diňe bir çilimkeşiň özüne zelel ýetirmän, eýsem, töweregindäkilere hem zyýanlydyr.

Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň biri bolup, temmäkiniň sarp edilişini azaltmaga gönükdirilen netijeli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrýar. Ýurdumyzda temmäkiniň we temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy aýgytly göreş alnyp barylýar.

Akbibi TÄÇMÄMMEDOWA,

Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmany.

Ýene degişli makalalar

Temmäki önümleriniň adam bedenine zyýanly täsiri
Temmäki monopoliýasy korrupsiýany, 'türkmen çilimini' we nas atýanlary köpeldýär
Arzan çilim satuwa çykaryldy: Adamlar nobatlarda jan alyp, jan bermäge’ taýýar
Hyrydarlaryň arasynda dörän dawa-jenjelden soň, döwlet dükanlary çilim söwdasyny ýene-de bes etdi
Polisiýa Maryda we Türkmenabatda çilim söwdasyna gözegçilik edýär, aýallar nobatdan çykarylýar
Çilim söwdasynyň 'täze kadalary' nobatlaryň azaljagyny aňlatmaýar