Ýarym finalçylar belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ýaryşynda çärýek finalyň jogap duşuşyklary oýnalyp, ýarym finalçylar belli boldy. 1-nji oýunda 1 pökgi bilen ýeňiş gazanan “Altyn asyr” öz meýdançasynda-da “Aşgabatdan” 21 hasabynda üstün çykdy.

Welaýat derbisinde “Energetik” “Merwi” Alibek Abdurahmanow hem-de Selim Ataýewiň gollary bilen 20 hasabynda utdy.Birinji oýun deňlikde tamamlanypdy.Türkmenbaşy şäherindäki duşuşykda “Köpetdag” bilen 11 hasabynda deňme-deň oýnan “Şagadam” myhmançylykda garşydaşynyň torundan jogapsyz 3 pökgi geçirdi.

Gollary Annasähet Annasähedow, Amir Gurbani hem-de Begenç Annagurbanow öz atlaryna ýazdyrdy.Tapgyryň iň golly duşuşygynda “Ahal” öz meýdançasynda “Balkandan” 43 hasabynda üstün çykdy.Birinji oýunda 31 hasabynda ýeňiş gazanan “Ahalyň” gollaryny Myrat Annaýew, Orazberdi Myradow (2) hem-de Güýçmyrat Annagulyýew derwezä gönükdirdi. “Balkana” Akmämmet Metdaýew, Nurtagan Mämmedalyýew hem-de Aşyrgeldi Ylýasow (p) dagynyň geçiren pökgüleri ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.Ýarym finalda “Ahal” bilen “Altyn asyr” duşuşsa, “Energetik” bilenem “Şagadam” güýç synanyşar. Ýarym final oýunlary 13-nji hem-de 16-njy oktýabrda oýnalar.

Türkmenistanyň kubogy ¼ finalyňjogap duşuşyklarynyň netijeleri:

“Altyn asyr”“Aşgabat”: 21 (10)/Boris Iwanow 39 (ö.d.), Altymyrat Annadurdyýew 90+2 — Nazar Baýramow 90/“Energetik”“Merw”: 20 (11)/Alibek Abdurahmanow 8, Selim Ataýew 45+1/“Köpetdag”“Şagadam”: 03 (11)/Annasähet Annasähedow, Amir Gurbani, Begenç Annagurbanow/“Ahal”“Balkan”: 43 (31)/Myrat Annaýew, Orazberdi Myradow (2), Güýçmyrat Annagulyýew — Akmämmet Metdaýew, Nurtagan Mämmedalyýew, Aşyrgeldi Ylýasow (p)/

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady