Ýaş aýdymçylaryň 3-sine Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at berildi

Ýaş aýdymçylaryň 3-sine Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at berildi

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň Türkmen äheňleri estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýewe, Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadowa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy.

Bu baradaky degişli Permana 16-njy fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Permanda bellenilişi ýaly, ady agzalan medeniýet işgärleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti üçin bu hormatly ada mynasyp görüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy
Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Merkezi aziýaly bir raýat terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapylyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi
Aýnur Amanowa Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi
Aýşirin Haýdarowa ― kuraş boýunça dünýäniň wise-çempiony!