Ýaş binagärleri sylaglamak dabarasy

Ýaş binagärleri sylaglamak dabarasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda birnäçe bäsleşikler geçirilýär. 2024-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň guramaklarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň edara binasynda ýaş mugallymlaryň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, orta mekdepleriň okuwçy ýaşlarynyň arasynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi atly binagärlik taslama döredijilik bäsleşik sergisi geçirildi.

Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Binagärlik we dizaýn kafedrasynyň talyplary we ady agzalan kafedranyň öwreniji mugallymy Jennet Kowusowa hem gatnaşyp, I, II we III derejeli diplomlara mynasyp bolmagy başardylar. Ýaş binagärleriň bu üstünligi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda zehinli talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşyp, oňyn netije görkezen ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda we ylym-bilim dünýäsinde ýokary netijelere eýe bolýan türkmen ýaşlarynyň döwlet derejesinde höweslendirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Teatr sungatynda zehinli ýaş režissýor peýda boldy
Türkmenistanda statistika komitetiniň başlygynyň orunbasary bellendi
Resmi habar
04.06.2018 | Resmi habar