Teatr sungatynda zehinli ýaş režissýor peýda boldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda premýerasy üstünlikli geçen “Söýgi bizi halas eder” gülküli sazly oýny ...repetisiýadan başlanýar.Oýnuň ilkinji minutlarynda geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ýörgünli nysakda geýnen ýaş sazandalar galmagal turzup, orkestiň sahnanyň öňünde oturýan ýerine geçenlerinde eýýäm oýun gidip duranlygynam aňmaýarsyň.

Sahnada Medeniýet öýüniň küştgülli penjekli direktory peýda bolanda bar zat ýerbe-ýer bolýar duruberýär.Ol sazandalaryň öňünde nutuk bilen çykyş etjek bolýar, ýöne ol ýerde münber ýok eken-ä.

Ynjyk başlyk muňa gahar edýär.Onuň orunbasary edenli zenan maşgala başlygyna kömege gelip, ýagdaýy derrew düzedýär. Şondan soň Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesowyň ýörüte şu oýun üçin ýazan sazy ýaňlanýar. Ýakymly saz dirižýory hyýalynda Hazaryň etegindäki dogduk iline atarýar...

Oýun goýujy nakgaş, özboluşly sahna bezeginiň awtory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowyň işini bellemek gerek. Paýalarda gurlan iki jaý, howlunyň ortasyndaky tok geçiriji pürs we gözýetim sary uzalyp gidýän deňiz şeýle nepis çekilipdir welin, ol çeper surata çalym edýär.

Dramaturg, Türkmenisatnytň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň eseriniň baş gahrymany Maksat konsertaroriýany tamamlap dogduk iline dolanýar. Oňa ata-enesi geň galýar. Olar ogly paýtagtdan eli inžener diplomly geler öýdüpdiler, ol bolsa, öýe eli dirižýor taýajykly geläýdi!

-Maňa çagalykdan saza söýgi döreden eýse siz dälmi?-- diýip, ogullary ata-enesiniň nägileligine, ine, şeýle sowal bilen jogap berýär.

Maksat goňşusy Mährä aşyk bolýar, gyzam oňa hoş söz berýär. Gowy duýgulara baý eseriň ýordumynda ata-ogul gatnaşygynda döreýän meseleler, Şekspiriň dramaturgiýasyna kybap äheňler, gülküli sahnalar, geçmişde galan ýagşy ýatlamalar... sepleşýär.

Aşyk ýigidiň öýüniň balkony bilen magşuk gyzyň balkonynyň arasyndaky kir serilýän ýüpden gyza tarap barýan al bägül ýa-da gaýykda oturan iki aşyk... Şol özboluşly sahna tilsimleri tomaşaçylar bilen sazlaşykly gatnaşyklary has-da güýçlendiýär.

Oýunda täsirli tilsimler kän.Egin-eşik we grim boýunça nakgaşlaryň-da işini belläsim gelýär.Gahrymanlaryň agzy giň jalbarlary we gytyk gyrkylan saçy wakanyň bolan döwrüni nygtaýar.

Oýun gülküli sahnalary bilen özüne şeýle bir çekýär welin, onuň gutarmazlygyny isleýärsiň. Belki, bu döredijilik topary üçin iň ýokary baha bolsa gerewk.

Oýnuň ahyry hem gyzykly çözgütde berlipdir. Ansamblyň başy çalaran, birneme ýognan sazandalary ýerli-ýerine geçýärler. Ýene-de Röwşen Nepesowyň duýgulara baý, göwünleri galkyndyrýan başdaky şol sazy ýaňlanýar...

-Bu meniň ulular üçin goýan ilkinji öýnum. Onuň şowly çykanyna begenjimiň çägi ýok. Şunda biziň döredijilik toparymyzyň, ilkinji nobatda, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň hyzmaty uluydyr, onuň bilen işleşmek gyzykly boldy. Meniň oýun goýmak tejribämiň azlygyny aňan tanymal sahna ussatlary maňa ýakyndan ýardam berdiler, ýaş artistlere keşp döretmäge kömek etdiler.

Men artistlere, aýratynam, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Gurdowa, Aýsoltan Kowusowa, Merdan Handurdyýewe, Tuwakbibi Köçekowa minnetdarlyk bildirýärin, olar keşpleriniň has şowly çykmagy üçin tagallalaryny gaýgyrmadylar.

Tomaşaçylaryň we kärdeşlerimiň işimi gowy kabul edendiklerime ruhlanyp, Molýeriň “Zoraýakdan tebip bolan” eserini döwrebap sahnalaşdyrmagy niýet edinýärin.

Teatr režissýory hökmünde ilkinji goýan oýunlarym çagalara niýetlenendi, olar Hudaýberdi Bäşimowyň “Hudaýberdi gorkak” halk ertekisi esasynda ýazan “Esen şohuň ertekisi” we Sergeý Mihalkowyň ”Gopbam towşan” oýunlarydy.Hudaýberdi Bäşimow bilen bu halk ertekisinden has şüweleňli ýerlerini saýlap aldyk. “Esen şohuň ertekisi” oýnuna welaýatlaryň ählisinde gastrolda bolanymyzda, ýurdumyzyň uludyr kiçi şäherleriniň körpeleri tomaşa etdiler. “Gopbam towşan” oýny bilen gyşky dynç alyş günleri gastrola gitmäge taýýarlyk görülýär.

Teatr sungaty işgärleriniň hataryna ýaş we täzeçil pikirlenýän režissýorlaryň goşulýandygy guwançly ýagdaý, olaryň arasynda Begmuhammet Esenowam bar. Bizem onuň ýene-de şowly oýunlary bilen begendirmegine umyt baglaýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Türkmenistanda aýal bilen erkek adam köpçülik ýerinde gujaklaşyp bilýärmi?