Ýaş gimnastikaçylar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Daşkentde türgenleşik geçdiler

Ýaş gimnastikaçylar halkara ýaryşyň öňüsyrasynda Daşkentde türgenleşik geçdiler

26-njy awgustda badalga aljak çeperçilik gimnastikasy boýunça halkara ýaryşyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine bardy.

Ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysyndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndy toparlary gatnaşar. Mundan başga-da, Gazagystanyň şäherleriniň üçüsiniň, Özbegistanyň sebitleriniň bäşisiniň toparlary ýeňiş üçin göreş alyp bararlar.

Türkmenistanly gimnastikaçylar şol ýerde ýaryşyň geçiriljek desgasyna uýgunlaşmak üçin türgenleşik geçdiler.

Türkmen toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň türgeni Iliana Tokarewa, Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Narmina Abasowa, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçylary Sofiýa hem-de Ameliýa Bensler, 53-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Hatyja Akmuradowa, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mahym Gurbanowa, 42-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Leýli Batyrowa, Türkmen-türk orta mekdebiniň okuwçylary Ada-Aýlin we Neslin Firdews Günaslanlar bar.

Şeýle hem ýygyndy topara Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Marýam Sadykowa, ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýli Işankuliýewa, 15-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Inara Hanowa, 50-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Karolina Kim, 44-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Weronika Kurdupowa, ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mähri Orazowa, 42-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Sara Gulberdiýewa, ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Fatima Kambarowa ýaly zehinli türgenler wekilçilik eder.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Aýsen Abdyllaýewa, 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mähri Berdiýewa, 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mähri Pomanowa hem-de Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Gülşat Berkeliýewa dagy hem ýygyndy toparyň düzüminde bäsleşerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly gimnastikaçylar Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşda 20 medal gazandylar
Aşgabatda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň çeken suratlarynyň sergisi açyldy
Häzirki zaman sungatyna goşulan bäş zehin
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary