Ýaş Woleýbolçylar Dünýä Çempionadynda Kümüş Medal Aldy

Ýaş Woleýbolçylar Dünýä Çempionadynda Kümüş Medal Aldy

19 ýaşyna çenli bolan Bütindünýä woleýbol çempionadyna gatnaşan Türkiýe, final bäsleşiginde ABŞ-dan 3-2 utuldy we dünýä ikinjisi boldy.

Horwatiýanyň Osižek şäherinde geçirlen çempionatda Türkiýäniň 19 ýaşyna çenli bolan Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy ABŞ-nyň komandasy bilen bäsleşdi.

Bäsdeşinden 3-2 hasabynda utulan ýaş woleýbolçylar dünýä çempionadynda ikinji orny eýeledi we kümüş medal aldy

2011-nji ýylda 19 ýaşyna çenli bolan Bütindünýä woleýbol çempionadynda altyn medal alan Türkiýe, 2007-nji ýyldan soň ýene-de bir gezek kümüş medal aldy.

Ýene degişli makalalar

Ýaş Woleýbolçy Gyzlar Finalda…
Woleýbolçy Gyzlaryň Bäsdeşleri Belli Boldy
Woleýbolçy Gyzlar Pariž 2024 Olimpiada Oýunlaryna Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Ejzajybaşy Dynawit Finalda…
Ýaş Woleýbolçylar Ýewropa Çempionadynda Ikinji Orny Eýeledi
Woleýbolçy Gyzlar Finalda…