Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, täze taryhy eýýamda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigi hakynda gürrüň etdiler.

Mundan başga-da kitabyň adamlaryň durmuşynda, ylaýta-da ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaklarynda tutýan ornunyň uludygyny belläp geçdiler.Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýene degişli makalalar

Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
TEATR SUNGATY ÖSÜŞ ÝOLUNDA
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
Ulag-logistika ulgamynyň täze gözýetimleri