Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, teatr sungaty ösüşiň täze belentliklerine ýetýär.Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji bilen döredilýän täze sahna oýunlarynda, watansöýüjiligimiz, ajaýyp geljegi gurýan bagtyýar halkymyzyň milli baýlyklary, döredijilik hyjuwy, zähmet joşguny sahna eserlerinde giňden dabaralandyrylýar.
Umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, 2026-njy ýylyň 1-nji - 10-njy maýy aralygynda, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guralan Halkara Garadeňiz teatr festiwaly.
Döwlet teatrlary Tarabzon-26 halkara teatr festiwalyna bilermenler hökmünde türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar.Trabzon halkara teatr festiwaly dünýäniň abraýly sungat baýramy hökmünde meşhurdyr.Halkara festiwal şu ýyl 26-njy gezek geçirilip, oňa dünýäniň dürli yklymlaryndan onlarça belli teatrlar gatnaşdylar. Şu ýyl geçirilen Halkara Garadeňiz teatr festiwaly.
Döwlet teatrlary Tarabzon-26 halkara teatr festiwalynyň çäginde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň 15-si, çagalar üçin gurjak oýunlarynyň 7-si, sergileriň 3-si, kino we sahna egin-eşikleriniň sergileriniň 8-si, teatr hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlaryň 2-si geçirildi.
Türkmen hünärmenleri halkara bilermenler toparynyň agzalary hökmünde, sahna oýunlarynyň kamilligine baha berdiler, ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyz we sirklerimiz barada türkmen hünärmenleriniň çykyşlary hem-de ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri bilen tanyşdyrýan wideo şekiller halkara teatr festiwalyna gatnaşanlarda aýratyn buýsanç döretdi.
Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen sebitiň ilkinji akylly ajaýyp Arkadag şäheriniň gözellikleri, Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda döredilen mümkinçilikleri wasp edýän wideo şekiller görkezildi.
Halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirliginiň wekilleri hem-de teatr ýolbaşçylary bilen teatrlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri, şeýle hem, halkara teatr festiwallaryny geçirmek boýunça tejribe alyşmak işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Halkara Garadeňiz teatr festiwaly.Döwlet teatrlary Tarabzon-26 halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy hem-de teatr sungatynda halkara gatnaşyklary ösdürmekde goşantlary üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy A.Baltaýew, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy M.Sylabow Minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandylar.
Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, medeniýet we sungat işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary ýurtlarda wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriňiz üçin, Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň güýç-kuwwaty, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy
