Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy.

Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Okuwa girýän ýaşlardan 'meýletin çäreçi' bolmaga razylyk haty alynýar
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Aýdymçy Durdy Durdyýew Ýylyň parlak ýyldyzy-2024 bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Soňy görünmeýän zähmet migrasiýasy maşgalalary bozýar, ýaşlaryň ömrüni 'köýdürýär'
19-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Lebapda partiýa we gurama agzalygyndan çykmak isleýän býujetçilere haýbat atylýar
Diňle: Lebapda partiýa we gurama agzalygyndan çykmak isleýän býujetçilere haýbat atylýar