Ýazyjy Paolo Koelýonyň Alhimik romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýarlar

Ýazyjy Paolo Koelýonyň Alhimik romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýarlar

Häzirki zamanyň iň köp okalýan ýazyjylarynyň biri Paolo Koelýonyň Alhimik romany ekranlaşdyrylar diýip, THR neşirine salgylanýan Kino-teatr.ru ýazýar.

1988-nji ýylda neşir edilen meşhur romany ekranlaşdyrmaga öň köp kinostudiýalar, şol sanda Warner Bros. , The Weinstein Co. we Westbrook Studios hem synanyşypdy, indi bu taslamany durmuşa geçirmäge Legendary we TriStar studiýalary girişmekçi diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki zaman ýazyjylaryň eserleriniň arasynda iň köp dile terjime edilen roman hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen kitapda ýaş ispan çopany barada gürrüň berilýär, ol Müsüriň piramidalarynda gizlenen hazynanyň gözlegine gidýär.

Ýene degişli makalalar

Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
Warner Bros. studiýasy Matrisa filminiň täze bölümini surata düşürmekçi
Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi
“Emmi-2021” baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy