ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maslahatlaşyldy

ÝB-Türkmenistan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda duşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini we şol dialogyň bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýandygyny aýtdy.

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň X sahypasynda beren habaryna görä, geçirilen duşuşykda ähli ugurlar boýunça özara gepleşikleri güýçlendirmegiň we indiki ýyl geçiriljek Merkezi Aziýa sammitiniň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak boýunça ugurlar ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa” Dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär
Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, C5+1 sammitine gatnaşýar